| Ashgabat | 34°C
Tehnologiýalar 22.09.2026, 15:26 4

Toyota geljekki robotlaryna ussalarynyň hereketini öwredýär

Toyota geljekki robotlaryna ussalarynyň hereketini öwredýär

Toyota kompaniýasy öz kärhanalarynda adamlar bilen bilelikde işlejek 400 müňe golaý ELEY (Embodied Learning Robot for Enhanced Yield) adam şekilli robotlaryny ornaşdyrmagy meýilleşdirýär. Bu çäre kompaniýanyň global önümçiligini döwrebaplaşdyrmagyň bir bölegi bolar.

Robotyň agramy 50 kg töweregi bolup, ol akkumulýatordan ýa-da elektrik ulgamyndan energiýa alýar. Aýaklaryň deregine tigir platformasyny ulanýar. ELEY her birinde iki «barmagy» bolan iki el bilen üpjün edildi. Robotyň ölçegleri we bogunlarynyň ýerleşişi uly ýaşly ýapon erkeginiň ortaça beden gurluşy göz öňünde tutulyp hasaplanyldy.

Geljekde ELEY tarapyndan bir zawodda özleşdirilen başarnyklary Toyota-nyň tutuş dünýädäki beýleki robotlaryna hem geçirip bolar. Kompaniýa öwredilen robotlaryň täze işgärlere-de önümçilik amallaryny özleşdirmäge kömek edip biljekdigine ynanýar.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!