| Ashgabat | 29°C
Jemgyýet 12.09.2026, 14:11 7

GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi

GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi

11-nji sentýabrda “Ýyldyz” myhmanhanasynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ykdysady geňeşiniň 111-nji mejlisi geçirildi. Oňa GDA-nyň Baş sekretary, guramanyň Ýerine ýetiriji komitetiniň, Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Ermenistan Respublikasynyň, Belarus Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň ugurdaş ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Şu gezekki mejlis Türkmenistanyň GDA-nyň çäklerindäki däp bolan netijeli gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynda eýeleýän ornuny tassyklady. Onuň gün tertibine dürli ugurlarda ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen birnäçe meseleler girizildi.

Şeýle hem mejlise gatnaşyjylar ulag howpsuzlygyny ösdürmek boýunça strategik meýilnamalary, ýokary tehnologiýaly pudaklarda senagat hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň konsepsiýasyny, beýleki maliýe we guramaçylyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!