| Ashgabat | 14°C
Jemgyýet 28.10.2026, 17:06 6

Gymmatbaha daşly «Bakylyk elligi» auksiona çykarylýar

Gymmatbaha daşly «Bakylyk elligi» auksiona çykarylýar

Marvel äleminiň iň meşhur nyşanlarynyň biri bolan «Bakylyk elligi» tiz wagtdan öz täze eýesini tapar.

Hakyky alty sany gymmatbaha daş bilen bezelen, bu görnüşde deňi-taýy bolmadyk sungat eseri 2026-njy ýylyň 8-nji dekabrynda Abu-Dabi şäherinde geçiriljek bäsleşikli auksionda köpçülige hödürlener.

Nýu-Ýorkuň belli zergärçilik öýi East Continental Gems tarapyndan Marvel hem-de Disney kompaniýalary bilen hyzmatdaşlykda döredilen bu elligiň üstündäki daşlaryň umumy agramy 170 karatdan hem geçýär.

2019-njy ýylda East Continental Gems kompaniýasynyň ýolbaşçysy Adam Mirzoff Marvel-iň wekilleriniň biriniň iş stolunda elligiň oýnawaç görnüşini görüp, ony hakyky gymmatbaha daşlar bilen ýasamak barada degişme äheňinde teklip girizýär.

Marvel zergärlere kinolarda ulanylan elligiň takyk 3D dizaýn modellerini gowşurdy. Ussalar bolsa şol görnüşi saklap, elligi hakyky gymmatbaha daşlar bilen bezediler.

Boýy tas 50 santimetre ýetýän bu esere filmlerdäki alty sany «Bakylyk daşyny» aňladýan ýakut, granat, sapfir, ametist, zümerret we sary göwher oturdyldy.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!