| Ashgabat | 32°C
Sport 23.09.2026, 18:57 5

Ýurdumyzyň wekiliýeti Samarkandda geçirilýän Bütindünýä küşt olimpiadasynda üstünlikli çykyş edýär

Ýurdumyzyň wekiliýeti Samarkandda geçirilýän Bütindünýä küşt olimpiadasynda üstünlikli çykyş edýär

Türkmenistanyň erkekler we zenanlar ýygyndy toparlary Samarkandda geçirilýän Bütindünýä küşt olimpiadasynda üstünlikli çykyş edýärler.

Iki topar hem öz başlangyç reýtinginden 30–40 basgançak ýokarda bolup, üçünji onlukda barýar. Alty tapgyrdan soň Türkmenistanyň erkekler ýygyndysy 206 toparyň arasynda 25-nji, zenanlar ýygyndysy bolsa 190 toparyň arasynda 26-njy orny eýeleýär.

Şunlukda, ýaryşyň başlangyjynda erkekler topary bary-ýogy 65-nji, zenanlar topary bolsa 55-nji orunda ýerleşdirilipdi. Iki topar hem mümkin bolan 12 utukdan 9 utuk toplady.

Dynç alyş gününden öňki iki tapgyrda olaryň hiç biri başlangyç sanawda özlerinden 27–46 basgançak ýokarda duran bäsdeşlerinden utulmady.

Ýeri gelende bellesek, olimpiadanyň ýapylyş dabarasy 27-nji sentýabrda geçiriler.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!