| Ashgabat | 21°C
Sport 07.11.2026, 16:42 10

«PSŽ» Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

«PSŽ» Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Fransiýanyň «Pari Sen-Žermen» futbol kluby dünýä futbolynyň taryhynda ýene bir ýatdan çykmajak sepgide ýetdi. Parižliler gazanan ajaýyp netijeleri we taryhy rekordlary netijesinde Ginnesiň rekordlar kitabynyň 12 sany resmi şahadatnamasyna eýe boldular.

Bu şahadatnamalaryň 7-si toparlaýyn gazanylan üstünliklere degişli bolsa, galan 5 sany ýörite şahadatnama klubuň aýry-aýry ýyldyz oýunçylaryna gowşuryldy.

«PSŽ» Italiýanyň «Inter» klubunyň derwezesinden jogapsyz 5 gol geçirip (5:0), ýaryşyň finalyndaky iň uly hasaply ýeňşi gazandy. Şeýle hem topar Çempionlar ligasynyň 2025/26 möwsüminde jemi 45 gol geçirip, 1999/2000 möwsüminde «Barselonanyň» gazanan rekordyny gaýtalady.

Mundan başga-da, parižliler Fransiýanyň çempiony diýen hormatly ada 14 gezek mynasyp boldular. Topar Liga 1-iň bir möwsüminiň dowamynda yzly-yzyna 14 duşuşykda ýeňiş gazanmagy hem başardy.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!