Dynç günleri haýsy futbol oýunlary bar?
Futbol janköýerlerine 7-nji we 8-nji noýabrda Ýewropanyň çempionatlarynda birnäçe gyzykly duşuşyk garaşýar. Şenbe gününiň meýilnamasyny Aşgabat wagty bilen sagat 19:30-da başlanjak «Maýns» we «Bawariýa» toparlarynyň duşuşygy açar. Iňlis Premýer-ligasynda bolsa «Nottingem Forest» öz meýdançasynda «Mançester Sitini» kabul eder. Bu oýun sagat 22:30-da başlanar. «Real Madrid» bilen «Walensiýanyň» duşuşygy Aşgabat wagty boýunça 8-nji noýabra geçilýän gije sagat 01:00-da başlanar.
Ýekşenbe güni sagat 16:30-da «Napoli» «Lasio» bilen duşuşar, sagat 19:00-da bolsa «Kristal Pelas» «Liwerpul» bilen oýnar. Sagat 21:30-da «Old Trafford» stadionynda «Mançester Ýunaýted» — «Aston Willa» duşuşygy başlanar.
Dynç günleriniň futbol duşuşyklary iki sany möhüm oýun bilen jemlener. 9-njy noýabra geçilýän gije sagat 00:45-de «Fiorentina» öz meýdançasynda «Ýuwentusy» kabul eder, sagat 01:00-da bolsa «Atletiko» topary «Barselona» bilen güýç synanyşar.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!