Şahzadbek Mätýakubow dünýä çempionatynda Türkmenistana ilkinji medaly getirdi
Hytaýyň Ninbo şäherinde geçirilýän agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda türkmen türgeni Şahzadbek Mätýakubow uly üstünlik gazandy. 110 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden türgenimiz bürünç medala mynasyp boldy.
Mätýakubow iki görnüşiň jemi boýunça 417 kilogram (silterläp götermekde 187 kilogram, itekläp götermekde 230 kilogram) netije görkezip, baýrakly üçlüge girmegi başardy. Bu medal Türkmenistanyň ýygyndy topary üçin häzirki çempionatdaky ilkinji baýrak boldy.
Şu agram derejesinde altyn medaly özbegistanly Akbar Juraýew eýeledi. Ol iki görnüşiň jemi boýunça 432 kilogram (198+234) netije görkezip, hem silterläp götermekde, hem-de iki görnüşiň jemi boýunça täze dünýä rekordlaryny goýdy. Kümüş medal bolsa 418 kilogram (185+233) netije bilen eýranly Alireza Nasira nesip etdi.
Ozal habar berlişi ýaly, milli ýygyndymyzyň beýleki ýaş agzalary hem ýaryşda köpleriň ünsüni çekdiler. 16 ýaşly türgenimiz Şabnam Kerimbaýewa ýetginjekleriň arasynda iki sany dünýä rekordyny täzeläp, çempionatda 5-nji orny eýeledi. 18 ýaşly türgenimiz Didarbek Jumabaýew bolsa ýetginjekleriň arasynda üç sany dünýä rekordyny täzeledi, emma ýaryşy 7-nji orunda tamamlady.
Ninbo şäherindäki dünýä çempionaty 8-nji noýabrda tamamlanar. Bu abraýly ýaryşda Türkmenistana jemi 10 türgen wekilçilik edýär.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!