Sanjarbek Öwezberdiýew dünýä çempiony boldy
Türkmenistanly türgen Sanjarbek Öwezberdiýew Daşkent şäherinde geçirilýän sambo boýunça 50-nji ýubileý dünýä çempionatynda ýeňiş gazandy. 64 kilograma çenli agram derejesinde söweş sambosy boýunça çykyş eden watandaşymyz ýaryşyň baş baýragyna — altyn medala mynasyp boldy.
Sanjarbek ýaryşyň dowamynda ýokary ussatlygyny we ýeňşe bolan erjelligini görkezdi. Ähli duşuşyklarda uly ýeňiş gazanan türgenimiz tutuş çempionatyň dowamynda garşydaşlaryna bary-ýogy bir utuk berdi.
Sanjarbek Öwezberdiýewiň duşuşyklarynyň netijeleri:
-
1/8 final: Lenin Gerra (Ekwador) — 6:0
-
Çärýek final: Ýan Raskin (Ukraina) — 9:0
-
Ýarym final: Abdelmunim Faruh (Marokko) — 8:0
-
Saýlama tapgyr: Mais Nersesýan (Ermenistan) — 8:1
Altyn medal ugrundaky final duşuşygynda Sanjarbek Öwezberdiýew belarusly türgen Ýauhen Mihno bilen güýç synanyşdy. Tutluşykda türkmen samboçysy bäsdeşine hiç hili mümkinçilik bermän, 8:0 hasabynda ynamly ýeňiş gazandy hem-de dünýä çempiony adyna eýe boldy.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!