| Ashgabat | 34°C
Dünýaden 21.09.2026, 14:16 4

Nobel baýragynyň pul möçberi artdy

Nobel baýragynyň pul möçberi artdy

Nobel gaznasy 2026-njy ýyldaky Nobel baýragynyň pul möçberini 12 million şwed kronuna — takmynan 1,22 million dollara çenli ulaltdy. Bu barada Gaznanyň wekilleri habar berdi.

Soňky 15 ýylyň dowamynda baýragyň pul möçberi birnäçe gezek üýtgedildi. 2012-nji ýylda ol her kategoriýada 10 milliondan 8 million şwed kronuna çenli azaldyldy. Şondan bäri baýragyň möçberi üç gezek köpeldildi we indi 12 million krona ýetdi.

2026-njy ýylyň Nobel baýragyna mynasyp bolanlar 5–12-nji oktýabr aralygynda yglan ediler.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!