| Ashgabat | 29°C
Syýasat 12.09.2026, 14:00 6

Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň döwlet ministrini kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň döwlet ministrini kabul etdi

11-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyza sapar bilen gelen Ýaponiýanyň ykdysadyýet, söwda we senagat boýunça döwlet ministri Kenji Ýamadany kabul etdi.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky dostlukly, özara bähbitli gatnaşyklar birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk we ynanyşmak ýörelgeleri esasynda yzygiderli ösdürilýär. Ikitaraplaýyn gatnaşyklar köpugurly häsiýete eýe bolup, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlary öz içine alýar.

Türkmenistanyň Prezidenti syýasy-diplomatik gatnaşyklar barada aýdyp, soňky ýyllarda ýokary derejede amala aşyrylýan özara saparlaryň bu ugurdaky hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmaga ýardam berýändigini nygtady. Bu gatnaşyklar diňe bir ikitaraplaýyn esasda däl, eýsem, köptaraplaýyn görnüşde, ýagny «Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» dialogynyň çäklerinde hem üstünlikli ösdürilýär.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti hem-de Ýaponiýanyň ykdysadyýet, söwda we senagat boýunça döwlet ministri Kenji Ýamada däp bolan dostlukly türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň hem-de netijeli hyzmatdaşlygyň iki ýurduň we olaryň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!