Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentine gutlag iberdi
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Prezident Petr Pawele tüýs ýürekden berk jan saglyk, abadançylyk, Çehiýa Respublikasynyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş we rowaçlyk arzuw etdi.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!