| Ashgabat | 14°C
Syýasat 28.10.2026, 18:53 2

Saglygy goraýyş ulgamynyň geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Saglygy goraýyş ulgamynyň geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň DIM-inde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenistandaky işini tamamlaýan Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Türkmenistandaky ýurt boýunça edarasynyň ýolbaşçysy Ýegor Zaýsew bilen duşuşyk geçirdi.

Onuň dowamynda taraplar Türkmenistanyň Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bilen hyzmatdaşlygynyň häzirki meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Milli saglygy goraýyş ulgamyny pugtalandyrmakda, lukmançylyk hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmakda hem-de ilatyň saglygyny goramak babatda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryny durmuşa geçirmekde hyzmatdaşlygyň ähmiýeti bellenildi.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!