Ýurdumyzyň wekiliýet topary Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumynyň sammitine gatnaşdy
Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumyna gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlarynyň sekizinji sammiti geçirildi. Ýurdumyz bu sammita myhman hökmünde gatnaşdy.
Sammite gatnaşyjylar tebigy gazyň ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmekdäki ornuny hem-de bu ýangyjyň dünýä bazarlaryna ygtybarly iberilmegini üpjün etmek üçin hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmagyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Sammitiň jemleri boýunça Moskwa jarnamasy kabul edildi.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!