Hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Halkara pul gaznasynyň Azerbaýjan we Türkmenistan boýunça missiýasynyň ýolbaşçysy Anna Bordonyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Halkara pul gaznasy bilen özara gatnaşyklarynyň häzirki meseleleri we hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi boýunça pikir alşyldy.
Duşuşygyň ahyrynda ýurdumyz bilen bu halkara guramanyň arasynda yzygiderli dialogy dowam etdirmäge we hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmäge taraplaryň özara gyzyklanma bildirýändikleri tassyklanyldy.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!