Dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawynda ilkinji onlugy diňe amerikanlar eýeleýär
Bloomberg agentliginiň bellemegine görä, dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawynda 2012-nji ýylda sanaw düzülip başlanandan bäri ilkinji gezek ilkinji on orny dolulygyna ABŞ-nyň raýatlary eýeledi.
Sanawyň birinji ornunda $919 milliard baýlygy bilen Ilon Mask ýerleşýär. Ikinji orny baýlygy 286 mlrd dollar diýlip bahalandyrylýan Google kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Larri Peýj eýeledi. Üçünji orunda bolsa $274 mlrd bilen Amazon kompaniýasynyň esaslandyryjysy Jeff Bezos ýerleşdi.
Şeýle hem ilkinji onluga Google-yň esaslandyryjylarynyň biri Sergeý Brin Dell-iň esaslandyryjysy Maýkl Dell we Meta kompaniýasynyň ýolbaşçysy Mark Sukerberg girdi.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!