115 ýyllap ýer astynda ýatan dinozawrlar tapyldy
Hytaýly geologlar tötänden, takmynan 115 million ýyl ozal ýaşan dinozawryň daşlaşan galyndysyny tapdy. Aslynda olar mis gözlemäge çykypdylar.
Galyndy Ingen-Etszinasi howzundaky Guýtszihu sebitiniň golaýynda, 473 metr çuňlukdan çykarylan buraw özeniniň içinden tapyldy.
Galyndy esasan, guýrugyň düýbündäki oňurga süňklerinden we olar bilen baglanyşykly birnäçe süňkden ybarat. Gözlegçiler guýrugyň çanaklyk bilen birleşýän ýerindäki türräni, dört sany guýruk oňurgasynyň esasy bölegini, alty sany nerw ýaýyny, birnäçe kese ösüntgi süňkleri tapdylar.
Býan-Gobi geolog gatlagynyň gündogar we merkezi böleklerinde öň hem dinozawrlaryň dürli görnüşleriniň galyndylary tapylypdy. Täze tapyndy irki hek döwründe bu sebitde ýaşan dinozawrlaryň belli bolan geografik ýaýrawyny has-da giňeldýär.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!