| Ashgabat | 21°C
Dünýaden 24.10.2026, 16:42 4

Gazagystan Hazar deňziniň meselelerini öwrenmek üçin 560 müň dollar sarp etdi

Gazagystan Hazar deňziniň meselelerini öwrenmek üçin 560 müň dollar sarp etdi

Gazagystanyň hökümeti Hazar deňziniň meselelerini öwrenmek üçin 305 million teňňe (560 müň dollardan gowrak) pul harçlady.

Bölünip çykarylan serişdeler instituty has-da ösdürmäge gönükdiriler hem-de gidrobiologiýa we gidrohimiýa, gidrometeorologiýa, hemra arkaly gözegçilik boýunça laboratoriýa işlerini öz wagtynda we netijeli geçirmäge we ylmy-barlag institutynyň öňünde goýlan beýleki wezipeleri çözmäge mümkinçilik berer.

Institutyň işine balyk gorlaryny bahalandyrmak, olary saklap galmagyň usullaryny we tehnologiýalaryny işläp düzmek, ihtiofaunany öwrenmek, tülenleriň köpçülikleýin gyrylmagynyň sebäplerini anyklamak we olaryň populýasiýasyny saklap galmak meseleleri girýär.

Mundan başga-da, ol deňziň gidrologik tapgyrlaryny öwrenmek we onuň derejesine gözegçilik etmek, howa üýtgemelerini, şeýle hem olaryň ekotizime täsirini seljermek, suwuň hili, biologik köpdürlülik we Hazar deňziniň akwatoriýasynyň hem-de kenarynyň Gazagystan bölegindäki beýleki görkezijiler baradaky maglumatlary toplamak we seljermek bilen meşgullanar.

Ekolog-jemgyýetçileriň maglumatlaryna görä, Hazar deňziniň derejesi her ýyl 70 santimetr peselýär. Gazagystanyň käbir welaýatlarynda bolsa kenar çyzygy eýýäm 18 kilometre çenli yza çekildi.

Maý aýynda russiýaly alymlar Hazar deňziniň demirgazyk böleginde suw derejesiniň peselmegi netijesinde täze adanyň peýda bolandygyny tassykladylar.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!