| Ashgabat | 34°C
Dünýaden 21.09.2026, 14:02 4

Goşa kelleli pyşbaga tapyldy

Goşa kelleli pyşbaga tapyldy

ABŞ-nyň Massaçusets ştatynyň Keýp-Kod ýarym adasyndaky Welflit şäherinde ýerleşýän goraghananyň çäginde iki kelleli romb şekilli terrapiniň çagasy tapyldy. Agramy bary-ýogy 5,2 gram bolan bu seýrek pyşbaga häzirki wagtda Cape Wildlife Center-iň hünärmenleriniň gözegçiliginde saklanýar.

Adaty bolmadyk pyşbaga çagasy goralýan höwürtgede tapyldy we Mass Audubon Wellfleet Bay Wildlife Sanctuary tebigat merkeziniň üsti bilen hünärmenlere tabşyryldy. Pyşbaganyň iki kellesi hem doly emele gelipdir. Şeýle seýrek ösüş näsazlygyna ylmy dilde «bisefaliýa» diýilýär.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!