Sakyrtganyň çakmagy bilen geçýän täze wirusyň üsti açyldy
Hytaýly alymlar ýokançly sakyrtganyň çakmagy bilen geçýän täze wirusyň üstüni açdy. Wirus trombositopenik sindromy (SFTS) we agyr ysytma meňzeş alamatlary döredýär. Täze wirusa aziýa uzynaýakly sakyrtga nairowirusy (ALTNV) diýlip at berildi.
Alymlar bu wirusy SFTS alamatlary bolan näsaglary barlagdan geçirýän wagtlary ýüze çykardy. ALTNV bilen Dabie bandawirusy bir wagtyň özünde ýokuşan 38 näsagyň ýedisi aradan çykdy. Alymlar täze wirusyň aýratynlyklaryny, onuň döredýän ýokanjynyň nähili geçýändigini we saglyga ýetirýän täsirini has gowy öwrenmek üçin goşmaça barlaglaryň zerurdygyny belleýär.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!