Many ekranlaryň zyýany nähili derejede?
Telefona uzak wagtlap seretmek göz ýadawlygyna, ukynyň bozulmagyna, boýun hem arka agyrylaryna we ünsüň peselmegine sebäp bolup biler.
Ekranyň gök çyrasy organizmde uky gormony bolan melatoniniň bölünip çykmagyny bökdeýär, bu bolsa ukusyzlyga getirip biler.
Başyňyzy aşak salyp uzak wagtlap oturmak boýun oňurgalaryna, arka we eginlere agyry berip biler.
Lukmanlar her 20 minutdan 20 sekuntlap 20 fut (takmynan 6 metr) uzaklyga seretmegi, telefony gözüňizden 30–40 sm uzaklykda saklamagy, ýatmazdan azyndan 1 sagat öň telefony ulanmagy bes etmegi, şeýle hem ekranyň ýagtylygyny daş-töweregiň ýagtylygyna görä sazlamagy maslahat berýärler.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!