| Ashgabat | 34°C
Dünýaden 21.09.2026, 14:08 1

Mbappe Nike kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygyny tamamlap, başga brend bilen şertnama baglaşdy

Mbappe Nike kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygyny tamamlap, başga brend bilen şertnama baglaşdy

«Realyň» we Fransiýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Kilian Mbappe Nike kompaniýasy bilen tas 20 ýyllyk hyzmatdaşlygyny resmi taýdan tamamlady hem-de Şweýsariýanyň On sport brendi bilen şertnama baglaşdy. Fransiýaly hüjümçi şweýsar markasynyň esasy ýüzi bolar, kompaniýa onuň bilen hyzmatdaşlyk etmek arkaly futbol bazaryna doly derejede çykmagy meýilleşdirýär.

Ylalaşyk baradaky bildirişiň netijesinde Nýu-Ýorkda deslapky söwdalarda On kompaniýasynyň paýnamalary 6 göterim gymmatlady. Brend Nike, Adidas we Puma bilen LightSpray tehnologiýasynyň hasabyna bäsleşmek isleýär.

Kompaniýanyň resmi saýtynda habar berlişi ýaly, tehnologiýanyň kömegi bilen üznüksiz termoplastik sapagy pürkmek arkaly bary-ýogy birnäçe minutda aýakgabyň asla tikinsiz, örän ýeňil ýokarky bölegi döredilýär. Şeýle ýeňil butsylar futbolçylara topy has gowy duýmaga mümkinçilik berer diýip tama edilýär.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!