| Ashgabat | 29°C
Tehnologiýalar 21.09.2026, 18:09 1

Hytaýyň awtoulaglary dünýä bazarynda öňe geçdi

Hytaýyň awtoulaglary dünýä bazarynda öňe geçdi

Hytaýyň Leapmotor awtoulag öndürijisi ikinji çärýekde dünýä bazarynda 240 müň awtoulag satdy. Nikkei agentliginiň berýän maglumatyna görä, startap öz rekordyny täzeledi we ilkinji gezek Subaru hem-de Mitsubishi ýaly iri ýapon awtoulag öndürijilerinden hem satuw boýunça öňe geçdi.

Deňeşdirmek üçin aýtsak, şol aralykda Subaru 230 müň, Mitsubishi bolsa 170 müň awtoulag satdy. Brendiň iň köp satylan modeli bolan Leapmotor T03 hetçbegiň bahasy Ýewropada 15,9 müň ýewrodan, Hytaýda bolsa 9,4 müň dollardan başlaýar.

Subaru we Mitsubishi-niň modelleriniň bahalary HHR-de 25 müň dollardan, Ýewropada bolsa 30 müň ýewrodan başlaýar.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!