2100-nji ýyla çenli gury ýeriň 40 göterimden gowragy çöle öwrülip bilner
Ählumumy maýlama planetanyň gurak sebitlerini has-da guraklaşdyryp biler.
XXI asyryň ahyryna çenli gurak çäkler Ýeriň gury ýer böleginiň 40 göterimden gowragyny eýelär.
Şunda maýlamanyň esasy sebäbi hasap edilýän howadaky kömürturşy gazyň artmagy çölleriň ýaýramagyny haýalladyp biler diýip, Hytaýyň Tokaý hojalygy akademiýasynyň alymlary çaklaýarlar.
Has ýaramaz üýtgeşmeler bilen Awstraliýa, onuň yzysüre Braziliýa ýüzbe-ýüz bolar. Afrikanyň käbir böleklerinde hem giň gerimli üýtgeşmeleriň bolmagyna garaşylýar.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!