| Ashgabat | 26°C
Dünýaden 13.09.2026, 16:07 1

Ispaniýada Ýuriý Gagariniň diplomatik passporty auksiona goýuldy

Ispaniýada Ýuriý Gagariniň diplomatik passporty auksiona goýuldy

Ýuriý Gagariniň diplomatik pasporty Ispaniýanyň Marbelýa şäherinde auksiona goýuldy. Pasport kosmonawta 1963-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda bir ýyl möhlet bilen berlipdir, ýöne ol birnäçe gezek uzaldylypdyr.

Sowet döwrüniň çykyş wizalaryna we serhet möhürçelerine görä, resminama azyndan 1967-nji ýyla çenli güýjünde galypdyr. Şeýle-de oňa goýlan bellikler Gagariniň 1963-1967-nji ýyllarda “Parahatçylyk missiýasy” syýahaty wagtynda pasporty ulanandygyna şaýatlyk edýär.

Olaryň arasyndan Fransiýanyň, Kubanyň, Meksikanyň, ABŞ-nyň, Kanadanyň, Norwegiýanyň, Şwesiýanyň, Bolgariýanyň we Çiliniň möhürçelerini tapawutlandyrmak bolýar.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!