Dawut Nazmyradow Ýaponiýadaky Aziýa oýunlarynda üstünlik gazandy
Türkmen karateçisi Dawut Nazmyradow Ýaponiýanyň Nagoýa şäherinde geçirilýän XX tomusky Aziýa oýunlarynda 75 kg çenli agram derejesinde kümüş medal gazandy. Bu Türkmenistanyň ýygyndysynyň häzirki Oýunlardaky ilkinji baýragydyr.
Altyn medal ugrundaky aýgytlaýjy tutluşykda Nazmyradow eýranly Mortaza Nemati bilen duşuşyp, 3:4 hasabynda ýeňildi we ýaryşyň kümüş medalyna mynasyp boldy.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!