Nebitiň bahasy gymmatlady
Dünýäde nebitiň bahasy ösüş görkezdi. Brent nyşanly nebit 0,1göterim – bir barrel üçin 101,34 dollar, WTI - 0,5 göterim, 96,55 dollara çenli gymmatlady. Öňňin Brent 3,4 göterim, WTI bolsa, 3,25 göterim gymmatlady.
Nebitiň bahalarynyň gymmatlamagy Ýakyn Gündogardaky ýagdaý bilen baglanyşdyrylýar. ABŞ-nyň Energetika habarlary edarasy nebitiň bahalarynyň üstümizdäki we geljek ýyllarda-da gymmatlajakdygyny çaklaýar. Bu barada «Reuters» internet saýty habar berdi.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!