| Ashgabat | 34°C
Dünýaden 16.09.2026, 15:25 4

Benziniň bahasy rekord derejä ýetdi

Benziniň bahasy rekord derejä ýetdi

Fransiýada bir litr benziniň ortaça bahasy €2,11-e ýetdi. Bu, hökümet tarapyndan 1985-nji ýyldan bäri ýygnalan şeýle maglumatlaryň içinde iň ýokary görkezijidir diýip, «Le Figaro» neşiri habar berýär.

Düzüminde 10%-e çenli etanol bolan 95-E10 görnüşli benziniň bahasy geçen hepdede ýene-de 2,3 ýewrosent gymmatlady. Şeýlelikde, ýangyjyň bahasy eýýäm altynjy hepde yzly-yzyna ýokarlanýar.

Bahalaryň ýokarlanmagy ýurtdaky iň iri bölekleýin ýangyç kompaniýasy bolan TotalEnergies-iň beketlerinde hereket edýän baha çägine garamazdan dowam edýär.

Kompaniýa benziniň bir litriniň bahasyny €1,99, dizel ýangyjynyň bahasyny bolsa €2,25 bilen çäklendirýär.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!