| Ashgabat | 34°C
Tehnologiýalar 21.09.2026, 14:11 4

BMW howada dolandyrylýan enjamlar panelini oýlap tapdy

BMW howada dolandyrylýan enjamlar panelini oýlap tapdy

BMW sürüjiniň el hereketleri arkaly dolandyryp biljek golografik enjamlar panelini — HoloActive Touch konseptini hödürledi. Bu barada Autoblog habar berýär.

Kompaniýanyň pikiriçe, bu tehnologiýa sürüjiniň möhüm maglumatlary hemişe göz astynda saklamagyna we ulag sürýän wagty ünsüni ýoldan sowmazlygyna mümkinçilik berer.

Howa şertleri çylşyrymly bolanda ýa-da ulaglaryň hereketi ýygjamlanda sürüji enjamlar panelindäki maglumatlara seretmek üçin nazaryny ýoldan sowmaly bolýar. Kähalat şeýle az wagtlyk ünsüň sowulmagy hem uly howpa sebäp bolup biler. Käbir awtoulaglarda bu mesele eýýäm öňki aýnadaky proýeksion displeýleriň kömegi bilen çözülýär.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!