Hytaýyň awtoulaglarynda indi aýak ýuwmak üçin şertler dörediler
Hytaýyň awtoulag brendi Deepal awtoulagyň kabinasyna gurulýan ýörite aýak wannasy üçin patent aldy. Bu täzeçil enjam awtoulagda ýolagçylara has-da rahatlyk döretmek maksady bilen işlenip taýýarlanylýar.
Wannany öňdäki ýolagçy oturgyjynyň aşagyndaky boş ýere ýerleşdirmek we gerek wagty ony aňsatlyk bilen çekip çykarmak meýilleşdirilýär. Gurluş suwuň ýol hereketi wagtynda çaýkanyp daşyna dökülmeginiň öňüni alýan gorag bölekleri, şeýle hem suw guýmak we boşatmak üçin ýörite ulgam bilen üpjün ediler. Enjamyň saklanýan ýerinde ýörite dezinfeksiýa enjamy hem bolar.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!