| Ashgabat | 19°C
Tehnologiýalar 04.11.2026, 11:57 1

Toyota bäş sany ulagynyň täze görnüşini hödürledi

Toyota bäş sany ulagynyň täze görnüşini hödürledi

Ýapon awtoulag öndürijisi Toyota SEMA awtoulag sergisinde görkezmek üçin ýolsuzlyk şertlerine niýetlenen «Woodland» seriýasyndan bäş sany täze konseptual modelini tanyşdyrdy. Bu kolleksiýa awtoulag hünärmenleriniň ünsüni çekýän dört sany krossowerden we bir amaly miniwenden ybaratdyr. Täze taslamanyň binýady hökmünde brendiň meşhur modelleri saýlanyp alyndy.

Kolleksiýa RAV4, Grand Highlander we bZ krossowerlerini, uniwersal bilen krossoweriň özboluşly utgaşmasy bolan Crown Signia modelini, şeýle hem maşgala üçin niýetlenen Sienna miniwenini öz içine alýar.

Ulaglaryň tehniki binýady hem köpdürlüligi bilen tapawutlanýar. Kompaniýanyň esasy maksady — adaty şäher ulaglarynyň özboluşlylygyny saklap, olary ýolsuzlyk şertlerine nähili netijeli uýgunlaşdyryp boljakdygyny görkezmekden ybaratdyr.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!