| Ashgabat | 24°C
Tehnologiýalar 05.11.2026, 13:19 6

Hytaý brendi dünýäniň iň iri 5 awtoulag öndürijisiniň hataryna girdi

Hytaý brendi dünýäniň iň iri 5 awtoulag öndürijisiniň hataryna girdi

Hytaýyň BYD awtomobil brendi 2026-njy ýylyň üçünji çärýeginiň jemleri boýunça dünýäniň iň iri bäş awtoulag öndürijisiniň hataryna goşulyp, taryhy üstünlik gazandy. Kompaniýa bu görkeziji bilen «Renault–Nissan–Mitsubishi» birleşigini hem yzda galdyrdy.

«The Korea Herald» neşiriniň maglumatlaryna görä, hytaý brendi üç aýyň dowamynda 1,32 million awtoulag satmagy başardy. Bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, satuw möçberiniň 18,7 göterim artandygyny görkezýär.

Häzirki wagtda dünýä reýtinginiň birinji basgançagynda 2,74 million awtoulag satan «Toyota Group» öňdeligi eýeleýär. Ikinji orunda 1,89 million awtoulag bilen «Volkswagen Group» ýerleşýär. Üçünji orny bolsa 1,76 million awtoulag satan «Hyundai Motor Group» eýeledi. Şeýlelikde, Günorta Koreýanyň awtoulag öndürijiler topary bilen «Volkswageniň» arasyndaky tapawut bary-ýogy 125 müň awtoulaga çenli azaldy.

BYD kompaniýasynyň şeýle çalt ösmeginiň esasy sebäbi onuň daşary ýurt bazarlaryna işjeň aralaşmagy bilen baglanyşyklydyr. Hasabat döwründe kompaniýanyň eksporty 137 göterim ýokarlanyp, 551 müň awtoulaga ýetdi.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!