| Ashgabat | 25°C
Tehnologiýalar 05.11.2026, 13:22 6

iPhone satuwy Apple kompaniýasyna rekord girdeji getirdi

iPhone satuwy Apple kompaniýasyna rekord girdeji getirdi

«Apple» kompaniýasy 2026-njy maliýe ýylynyň dördünji çärýeginiň jemleri boýunça iPhone smartfonlarynyň satuwyndan rekord derejede girdeji gazandy. Bu taryhy netijä güýzki täzelenişde diňe gymmat bahaly «iPhone 18 Pro» we «iPhone 18 Pro Max» modelleriniň hödürlenendigine garamazdan ýetildi.

Iýul–sentýabr aýlaryny öz içine alýan çärýekde smartfonlaryň satuwyndan alnan girdeji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 17 göterim ýokarlanyp, 57,58 milliard dollara ýetdi. Şol bir wagtyň özünde kompaniýa öňki nesillere degişli modelleriniň hem bahalaryny birneme ýokarlandyrypdy.

Hasabat döwründe tehnologiýa ägirdi özüniň ilkinji eplenýän ekranly enjamy bolan «iPhone Duo» modelini hem köpçülige tanyşdyrdy. Emma bu täze enjamyň deslapky sargytlaryndan alnan girdejiler kompaniýanyň häzirki resmi maliýe hasabatyna girizilmedi.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!