Yssy howa oktýabra çenli saklanar
Birleşen Milletler Guramasy dünýäde adatdan daşary yssynyň güýçlenmek ähtimallygy barada duýduryp, döwletleri howanyň üýtgemeginiň netijelerine garşy göreş çärelerini işjeňleşdirmäge çagyrdy.
Ýagny, şu ýylyň awgusty-oktýabry aralygynda Ýeriň köp böleginde howanyň derejesiniň kadadan ýokary bolmagyna garaşylýar.
Guramanyň Baş sekretary Antoniu Guterriş, barha güýçlenýän El-Nino tebigy hadysasy golaý aýlarda howanyň temperaturasynyň öňki rekordlarynyň täzelenmegine eltip biljekdigini aýtdy.
Bu barada Bütindünýä meteorologiýa guramasynyň internet saýty habar berdi.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!