| Ashgabat | 28°C
Jemgyýet 07.08.2026, 14:46 8

ÝUNISEF 19–22-nji awgust aralygynda okuw maslahatlaryny geçirer

ÝUNISEF 19–22-nji awgust aralygynda okuw maslahatlaryny geçirer

ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekilhanasy şu ýylyň 19–22-nji awgusty aralygynda Aşgabatda geçiriljek «KIDS EXPO 2026: Ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasyna gatnaşar we çäginde gurama çagalaryň irki ösüşi, iýmitlenişi we saglygy baradaky meselelere bagyşlanan okuw maksatnamasyny hödürlär.

Okuw maslahatlarynyň maksatnamasy «Durmuşyň ilkinji 1000 güni: her bir çaga üçin iň gowy başlangyç», «Ene süýdi bilen iýmitlendirmäge bolan ynam», «Sagdyn ösüş üçin iýmitleniş: goşmaça iýmitlerden soňky dogry iýmitleniş», «Çagalardaky howsalaly alamatlar: haçan lukmançylyk kömegine ýüz tutmaly», «Çaga beýnisiniň ösüşi we oňyn ene-atalyk» ýaly temalary öz içine alar.

Gatnaşyjylar ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň ýörelgeleri, kiçi ýaşdaky çagalaryň sagdyn iýmitlenişi, irki ösüş, oňyn ene-atalyk we maşgalada amatly gurşawy döretmek barada has giňişleýin maglumat alyp bilerler.

Goşmaça maglumat almak üçin aşakdaky telefon belgilerine jaň edip bilersiňiz!

+993 71 87 18 12
+993 63 50 15 51

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!