Çempionatyň ilkinji gününde türkmen türgenleri dört medal gazandylar
Häzirki wagtda Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäherinde WKF karate boýunça Merkezi Aziýanyň 11-nji çempionaty geçirilýär.
Çempionatyň ilkinji gününde ýurdumyzyň türgenleri bir altyn, bir kümüş we iki bürünç medala mynasyp boldular. Bu çempionata Eýrandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan, Özbegistandan we Türkmenistandan jemi 500-e golaý türgen gatnaşýar.
Bu çempionatda ýurdumyzyň ýygyndy toparyna 36 türgen, 4 tälimçi, 6 emin we 1 wekil agzalyk edýär. Çempionatyň ilkinji gününde watandaşlarymyz kata ugry boýunça medallary eýelediler.
Has takygy, 14 ýaşly ýetginjekleriň arasynda Mary welaýatynyň Baýramaly şäherindäki 18-nji orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy Muhammetresul Haýrullaýew altyn, 16-17 ýaşly ýetginjekleriň arasynda geçirilen bäsleşikde ýöriteleşdirilen 52-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Allanur Ýalkabow kümüş, iň kiçi ýaş derejesi bolan 10-11 ýaşlylaryň arasynda Mary welaýatynyň Baýramaly şäherindäki 6-njy orta mekdebiň 5-nji synp okuwçysy Musa Gurbanow we Baýramaly şäherindäki 11-nji orta mekdebiň 4-nji synp okuwçysy Şirmuhammet Garymyradow bürünç medala mynasyp boldular.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!