| Ashgabat | 28°C
Jemgyýet 04.08.2026, 14:24 11

Ýurdumyzda «Sagdyn ene — Sagdyn çaga — Sagdyn geljek» Milli maksatnamasyny ýerine ýetirmek boýunça «Ýol kartasyny» taýýarlanylýar

Ýurdumyzda «Sagdyn ene — Sagdyn çaga — Sagdyn geljek» Milli maksatnamasyny ýerine ýetirmek boýunça «Ýol kartasyny» taýýarlanylýar

Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň Aşgabatdaky wekilhanasy Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen bilelikde 2026 — 2030-njy ýyllar üçin «Sagdyn ene — Sagdyn çaga — Sagdyn Geljek» Milli maksatnamasyny ýerine ýetirmek boýunça «Ýol kartasyny» taýýarlamak barada utgaşdyryjy geňeşiň mejlisini geçirdi.

Bu duşuşyk ol Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Ýurt boýunça maksatnamasyny amala aşyrmagyň çäklerinde guraldy.

Geňeşiň işine Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynyň esasy degişli edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Mejlisiň dowamynda gatnaşyjylar Milli maksatnamanyň esasy wezipelerine we ilkinji derejeli ugurlaryna garadylar, «Ýol kartasynyň» gurluşyny we esasy bölümlerini taýýarladylar, maksatlaýyn görkezijileri maslahatlaşdylar hem-de onuň gözegçilik mehanizmlerini ylalaşdylar.

Bu barada “News Cenrtal Asia” internet saýty habar berdi.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!