| Ashgabat | 28°C
Dünýaden 07.08.2026, 14:44 5

Gazagystanda daşary ýurtlular üçin ýurda giriş tölegli bolup biler

Gazagystanda daşary ýurtlular üçin ýurda giriş tölegli bolup biler

Gazagystanyň Içeri işler ministrligi daşary ýurt raýatlary we raýatlygy bolmadyk adamlar üçin ýurda girmegiň tölegli elektron rugsatnamalaryny girizmegi göz öňünde tutýan düzedişleriň taslamasyny taýýarlady.

Bu resminama köpçülikleýin geňeşe çykaryldy hem-de ol 17-nji awgusta çenli dowam eder. Tölegiň möçberi häzirlikçe kesgitlenilmedi.

Bu serişdeleriň sanly infrastrukturany döwrebaplaşdyrmaga, şeýle hem şahsy maglumatlaryň goragyny üpjün etmäge gönükdiriljekdigi aýdylýar.

Bu täze ulgam tapgyrlaýyn esasda şu ýylyň awgustyndan dekabryna çenli girizip bilner.

Häzirki wagtdaky ýagdaýa görä, düzedişler entek kabul edilmedi.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!