Buharada Türkmenistanyň medeni-syýahatçylyk toplumy döredilip bilner
Buhara şäherinde Türkmenistanyň medeni-syýahatçylyk toplumyny döretmek meýilleşdirilýär.
Bu baradaky başlangyç Özbegistanyň Syýahatçylyk komitetiniň başlygynyň orunbasarynyň, Türkiýäniň “Finwest Finance Company” maýa goýum kompaniýasynyň, Ýewraziýa ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary bileleşiginiň hem-de türkmen halylaryny öndürmek we öňe sürmek bilen meşgullanýan türkmen-özbek bilelikdäki kärhanasy “OOO SD TURKMEN HALY”-nyň wekilleri bilen geçiren iş duşuşygynda ara alnyp maslahatlaşyldy.
Dörediljek bu toplum Türkmenistanyň medeniýetine bagyşlanar we bu ýerde myhmanlar türkmen halkynyň taryhy, däp-dessurlary we milli senetçiligi bilen tanyşarlar.
Agentligiň bellemegine görä, toplum Merkezi Aziýada etnografik we medeni syýahatçylygyň ösdürilmegindäki täze ugurlara laýyk gelýär.
Şeýle hem häzirki wagtda aýratyn sowgat dükanlarynyň ýa-da wagtlaýyn sergileriň ýerine goňşy ýurtlaryň medeniýeti bilen tanyşmaga mümkinçilik berýän giňişleýin merkezler döredilýär.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!