| Ashgabat | 28°C
Dünýaden 05.08.2026, 14:04 9

Amerikada Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli dabaraly çäre geçirildi

Amerikada Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli dabaraly çäre geçirildi

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynyň San-Diýego sebitinde dabaraly çäre geçirildi.

Bu çäre «Fit International» kompaniýasy tarapyndan guralyp, oňa ýerli häkimiýet edaralarynyň, jemgyýetçiligiň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy.

Dabaraly çärä Türkmenistanyň ABŞ-daky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Esen Aýdogdyýew gatnaşyp, ol ABŞ-nyň Garaşsyzlygynyň 250 ýyllygy mynasybetli gutlaglaryny beýan edip, iki ýurduň garaşsyzlyk seneleriniň bellenilmeginiň döwlet özygtyýarlylygynyň, milli özboluşlylygyň, parahatçylykly ösüşiň we döwletleriň arasyndaky özara hormatyň ähmiýetini aýdyň görkezýändigini belledi.

Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýagty ýoly» atly kitabynyň tanyşdyrylyşy boldy.

Bu çärä «Fit International» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Kirt Edwards hem gatnaşyp, türkmen halkyny Garaşsyzlyk güni bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de oňa parahatçylyk, abadançylyk we mundan beýläk-de gülläp ösüş arzuw etdi.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!