Türkmenistanly alymlar Altaýa guralýan taryhy-etnografik ekspedisiýa gatnaşar
Russiýa Federasiýasynyň Altaý ülkesiniň Altaý döwlet uniwersiteti tarapyndan 10-18-nji awgust aralygynda guralýan taryhy-etnografik ekspedisiýa türkmen alymlary hem gatnaşar.
Bu nobatdaky ekspedisiýanyň dowamynda Altaý ülkesindäki we Altaý Respublikasyndaky türki halklaryň ýaşaýan obalaryna barmak, olaryň gadymy däp-dessurlaryny, milli senetlerini, halyçylyk sungatyny we keçe taýýarlamak ýaly senetleri, halklaryň milli egin-eşiklerini, ýaşaýşyny öwrenmek maksat edinilýar.
Ýurdumyzdan bu ekspedisiýa Ylymlar akademiýasynyň doktoranty, taryh ylymlarynyň kandidaty Aýna Baýmuradowa we Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Türkmenistanyň taryhy kafedrasynyň mugallymy Toýly Hommyýew gatnaşýar.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!