| Ashgabat | 28°C
Sport 06.08.2026, 13:09 10

Türkmen karateçileri Merkezi Aziýa çempionatynda 21 medal gazandy

Türkmen karateçileri Merkezi Aziýa çempionatynda 21 medal gazandy

Türkmenistanly türgenler Gazagystanyň Aktau şäherinde karateniň WKF görnüşi boýunça geçirilen Merkezi Aziýanyň 11-nji çempionatynda jemi 21 medal, has takygy 4 altyn, 7 kümüş we 10 bürünç gazandy.

Eýran, Gazagystan, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan ýurtlaryndan 421 karateçiniň gatnaşmagynda geçen bu ýaryşda Türkmenistanyň ýygyndysy umumy medal hasabynda 4-nji orny eýeledi.

Ozal habar berşimiz ýaly, ýaryşyň ilkinji gününde türkmen türgenleri kata görnüşi boýunça 4 medal gazanypdy. Ikinji günde kumite görnüşi boýunça 9 medal eýelediler. Jemleýji günde türkmen karateçileri ýygyndynyň medal hasabyna ýene 8 baýrak goşdy.

Milli ýygyndyny ýaryşa baş tälimçi Aýdyn Çaryýew, kömekçisi Esenbaý Ýazmedow hem-de tälimçiler Maksat Atdaýew bilen Serdar Muhammetnazarow taýýarladylar.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!