«2028-nji ýyl – Halkara hukuk ýyly» atly Kararnama bagyşlanan maslahat geçirildi
2-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen «2028-nji ýyl – Halkara hukuk ýyly» atly Kararnama bagyşlanan maslahat geçirildi.
Maslahata Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary we işgärleri, Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň alymlary, mugallymlary, şeýle hem talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Maslahatda bellenilişi ýaly, bu Kararnamanyň kabul edilmegi Türkmenistanyň döwletlilik, adalatlylyk we hukugyň hökmürowanlygy ýörelgelerine berk ygrarlydygyny ýene-de bir gezek aýdyň görkezýär.
Çykyş edenler hemişelik Bitaraplyk, parahatçylykly bile ýaşaýyş we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine eýerýän Türkmenistanyň sebit hem-de ählumumy derejede ýokary abraýa eýe bolandygyny nygtadylar.
Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň internet saýty habar berdi.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!