| Ashgabat | 28°C
Dünýaden 05.08.2026, 13:34 8

Türkmenistanyň ilçisi A. Möwlamow Halkara parlamentariýler kongresiniň Baş sekretary bilen duşuşdy

Türkmenistanyň ilçisi A. Möwlamow Halkara parlamentariýler kongresiniň Baş sekretary bilen duşuşdy
Фото: https://awtoulag.gov.tm/

4-nji awgustda Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky ilçihanasynda Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçi Atajan Möwlamow bilen Halkara parlamentariýler kongresiniň Baş sekretary, senator Sitara Aýazyň arasynda duşuşyk boldy.

Onuň dowamynda Türkmenistan bilen Halkara parlamentariýler kongresiniň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle-de, parlamentara gatnaşyklary pugtalandyrmaga, sebitiň parlamentarileriniň arasyndaky dialogy giňeltmäge, şeýle hem Türkmenistanyň Mejlisi bilen kongresiň arasyndaky institusional hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn üns berildi.

Taraplar Merkezi Aziýa döwletleriniň parlament agzalarynyň gatnaşmagynda halkara maslahatlary, tegelek stollary we forumlary guramak mümkinçiliklerini gözden geçirdiler.

Şeýle çäreleriň parlament diplomatiýasyny ilerletmek we kanun çykaryjylyk tejribesini ösdürmek üçin netijeli meýdança boljakdygy bellenildi.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!