| Ashgabat | 28°C
Dünýaden 07.08.2026, 14:42 5

Arap atlary jemgyýetiniň wekiliýeti Türkmenistanda saparda bolýar

Arap atlary jemgyýetiniň wekiliýeti Türkmenistanda saparda bolýar

Birleşen Arap Emirlikleriniň Arap atlary jemgyýetiniň baş direktory Mohamed Ahmed Musleh Al Harbiniň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli topar Aşgabada geldi.

«Türkmen atlary» döwlet birleşiginde resmi gepleşikler geçirilensoň, wekiliýetiň agzalary Türkmenistanyň Döwlet muzeýine baryp, ýurdumyzyň medeni gymmatlyklary bilen tanyşdylar.

Şeýle-de wekiliýet agzalary Aşgabat atçylyk-sport toplumyna bardylar. Toplumda myhmanlara saýlama ahalteke bedewleri görkezildi.

BAE-niň wekiliýetiniň ýolbaşçysy türkmen atçylyk mekdebiniň özboluşlydygyny belledi we strategik taýdan ähmiýetli bolan ugurda hünär tejribesini alyşmagyň ähmiýetine ünsi çekdi.

Saparyň dowamynda wekiliýet sebitde ilkinji «akylly şäher» bolan Arkadag şäherine baryp, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň we Ylmy-önümçilik merkeziniň işi bilen tanşar.

Maksatnamanyň aýratyn bölegi «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Görogly adyndaky sirkde görkezjek çykyşyna tomaşa etmek bolar.

BAE-niň wekiliýetiniň Watanymyza sapary atçylyk pudagynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmekde öňdebaryjy merkezleriň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmakda nobatdaky ädim bolar.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!