Aly Geldiýew halkara ýaryşynda ýurdumyza wekilçilik eder
Türkmenistanly ýaş tennisçileriniň biri Aly Geldiýew ilkinji gezek 17-22-nji awgust aralygynda Almatyda geçiriljek «Roland-Garros Junior Series by Renault Qualification for West and Central Asia» atly halkara ýaryşyna gatnaşar.
Bu ýaryş Merkezi we Günbatar Aziýanyň tennisçileri üçin sebitleýin kwalifikasýa tapgyry bolar.
Ýaryşyň jemleri boýunça iň güýçli oýunçylar oktýabr aýynda Ýaponiýada geçiriljek «Roland-Garros Junior Series» ýaryşynyň final tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanarlar.
Hut şol ýerde dünýä tennisiniň iň abraýly ýaryşlarynyň biri bolan 2027-nji ýylyň ýetginjekleriň arasyndaky «Roland Garros» bäsleşigine ýollanmalar ugrunda kortlara çykylar.
Almatyda geçiriljek ýaryş Aly Geldiýew üçin ýene bir möhüm synag we dünýäniň iň abraýly ýetginjekler ýaryşy bolan «Roland Garrosda» çykyş etmäge tarap ädiljek uly ädim bolar.
Gazagystandaky şowly çykyş Aly Geldiýewe Ýaponiýada geçiriljek «Roland-Garros Junior Series» final tapgyryna, şol ýerden bolsa 2027-nji ýylyň Fransiýanyň ýetginjekler arasyndaky açyk çempionatyna gatnaşmak ugrundaky göreşini dowam etdirmäge mümkinçilik berer.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!