| Ashgabat | 28°C
Jemgyýet 25.07.2026, 14:59 32

Grin-kartda ýeňiji bolduňyzmy? Onda bu maglumaty biliň!

Grin-kartda ýeňiji bolduňyzmy? Onda bu maglumaty biliň!

Şu ýyl grin-kart lotereýasynda ýeňiji bolanlaryň ählisi wiza alyp ýetişmez. ABŞ-nyň Döwlet departamenti grin-kartalaryň çäginiň maliýe ýyly resmi taýdan tamamlanmazdan öň dolup biljekdigi barada duýdurdy.

Diversity Visa-2026 lotereýasynyň netijeleri boýunça hemişelik ýaşaýyş hukugyny almak mümkinçiligi diňe şu ýylyň 30-njy sentýabryna çenli güýjünde bolar. Şondan soň ýeňijilere we olaryň maşgala agzalaryna, hatda bellenen çäk dolmadyk ýagdaýynda-da, immigrasion wizalar berilmez.

Wiza býulleteninde diwersifikasiýa wiza maksatnamasy bilen birlikde maşgalanyň birleşmegi we zähmet immigrasiýasy boýunça käbir wiza görnüşleriniň täzelenen seneleri hem çap edildi.

Hususan-da, Döwlet departamenti ýakyn hepdelerde Hindistanyň raýatlary üçin EB-1 derejesi boýunça göz öňünde tutulan çägiň dolan ýagdaýynda wiza berilişiniň wagtlaýyn togtadylmak howpunyň bardygyny mälim etdi.

Şunuň ýaly ýagdaýyň EB-2 derejesi üçin hem ýüze çykyp biljekdigi bellenildi.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!