Telekeçilere möhüm ýatlatma
«Döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 15-nji maddasyna laýyklykda, ähli hususy telekeçiler pensiýa gatançlaryny töleýji hökmünde hasaba durmalydyr. Bu telekeçiniň ýerleşýän ýerindäki pensiýa gaznasynyň edarasynda amala aşyrylar. Edara degişli Kanunyň 23-nji maddasyna laýyklykda, 2026- njy ýylyň birinji ýarymy üçin hasaplaşyk döwrüniň başlanandygyny habar berýär. Telekeçilerden öz borçlaryny wagtynda berjaý etmegi we pensiýa gatançlaryny bellenilen möhletde tölemegi haýyş edilýär. Möhlet 2026-njy ýylyň 1-nji iýulyndan 15-nji awgusty aralygynda hereket edýär.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!