Türkmenistanda oba hojalyk pudagynda we welaýatlarda möwsümleýin işler netijeli alnyp barylýar
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T. Atahallyýew 24-nji iýulda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň dowamynda oba hojalyk pudagynda we welaýatlarda möwsümleýin işleriň barşy barada hasabat berdi.
Häzirki wagtda welaýatlarda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň çäklerinde gowaça ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri, hususan-da, hatarara bejergi we ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar.
Pagta ýygymy möwsümine taýýarlyk görmegiň çäklerinde pagta ýygýan kombaýnlary, beýleki oba hojalyk tehnikalaryny, pagta arassalaýjy kärhanalary, pagta kabul ediş harmanhanalaryny hem-de hasyly daşamakda ulanyljak tehnikalary möwsüme taýýarlamak boýunça degişli işler geçirilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmegi dowam etdirmegiň, gowaça ekilen meýdanlarda ideg işlerini öz wagtynda geçirmegiň, pagta arassalaýjy kärhanalary we pagta hasylyny daşaýan awtoulaglary möwsüme doly taýýar etmegiň wajypdygyny nygtady.
Döwlet Baştutanymyz wise-premýere geljek ýylyň bugdaý hasyly üçin ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça işleri netijeli dowam etdirmegi tabşyrdy.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!