Russiýadaky zähmet migrantlarynyň döwlet paçlary ýokarlandyrylar
“РИА новости” internet saýtynyň habar bermegine görä, Russiýanyň Döwlet Dumasy ýurtda işleýän zähmet migrantlaryna bildirilýän talaplary güýçlendirýän kanuna laýyklykda, fiziki şahslaryň ýanynda işleýän daşary ýurt raýatlary şahsy girdeji salgydy boýunça öňünden töleg geçirmäge borçly bolar. Şeýle-de, zähmet migrantlaryndan özlerini hem-de maşgala agzalaryny sebit koeffisiýenti göz öňünde tutulyp hasaplanan ýaşaýyşyň iň pes derejesinden az bolmadyk möçberde üpjün etmek talap ediler.
Zähmet migrantlarynyň çagalary Russiýanyň çäginde diňe ene-atalarynyň işlemäge rugsadynyň hereket edýän möhletinde bolmaga hukugy bardyr. Eger-de, olar 18 ýaşyna ýetenden bolsa, öz adyna iş patentini 30 günüň dowamynda resmileşdirmäge ýa-da ýurtdan çykmaga borçly bolar. Şeýle-de kanun daşary ýurtly işgäriň iş patenti ýatyrylan ýa-da onuň möhleti uzaldylmadyk ýagdaýynda, kämillik ýaşyna ýetmedik çagalary bilen bilelikde Russiýany terk etmeli möhletini 15 güne çenli gysgaldar.
Russiýada işleýän daşary ýurt raýatlary indi her ýyl hasabat döwri boýunça girdejileri baradaky kepilnamany, salgyt beýannamasynyň nusgasyny ýa-da salgytlaryň tölenendigini tassyklaýan resminamalary degişli döwlet edaralaryna tabşyrmaly bolar. Şeýle-de bu kanuna görä migrantlaryň döwlet paçlary hem ýokarlandyryldy. Russiýanyň raýatlygyny resmileşdirmek üçin döwlet pajy 4 200 rubldan 50 000 rubla çenli, wagtlaýyn ýaşamak üçin rugsady resmileşdirmek boýunça döwlet pajy 1 920 rubldan 15 000 rubla çenli, ýaşamak üçin ygtyýarnamany resmileşdirmek boýunça döwlet pajy 6 000 rubldan 30 000 rubla çenli ýokarlandyrylar.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!