| Ashgabat | 28°C
Jemgyýet 20.07.2026, 10:48 35

Maryda täze gaz akymy alyndy

Maryda täze gaz akymy alyndy

Mary welaýatynyň çäginde iş alyp barýan türkmen gazçylary tarapyndan 2 müň 916 metr çuňlukda buraw işleriniň netijesinde ýer astyndaky 2 müň 860, 2 müň 858 metr aralyklardaky gatlaklardan çykymy bir gije-gündizde 700 müň kub metrden gowrak bolan gaz akymy alyndy.

Türkmenistan baý tebigy serişdelere eýe bolmak bilen, dünýäniň esasy energetika döwletleriniň hataryna girýär. Hormatly Prezidentimiziň bu pudagyň düzümine girýän edara-kärhanalaryň öňünde goýan esasy wezipeleriniň hatarynda – uglewodorod çig malynyň çykarylyşyny, gaýtadan işlenmegini we eksportyny artdyrmak, maýa goýumlaryny çekmek we netijeli ulanmak, türkmen energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna çykarmagyň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak wezipeleri durýar.

Täze gaz akymynyň alynmagy ýurdumyzda ýangyç-energetika pudagynda alnyp barylýan giň möçberli işleriň üstüni ýetirip ýurdumyzyň energiýa serişdelerini halkara bazarlaryna ibermegiň ygtybarly we durnukly ulgamlaryny döretmäge giň mümkinçilikleri döredýär.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!